Трек очень похож на
- Название Unudyp Bilmen
- Исполнитель Sohbet Kasymow & Syke Däli Feat. Syke dali
- Жанр Pop
Видео
Текст песни
Syganok ýüregim gursagyma,
Diňe sen bilen bolsadym-a,
Dolanasym geldi ýar ynan!
Ýene gelmegiňi isledim ýanyma,
Ýarym meniň aňyma,
Saňa bagly bu kalbyma!
Seni unudyp bilmen,
Ýüregim urup bilmen
Ýene-de tutup bilmesem elleriňi!
Seni unudyp bilmen,
Ýüregim urup bilmen
Ýene-de tutup bilmesem elleriňi!
Dünýä has dar kime, şony aýt?
Ýüregiňde bar kine, şony aýyr!
Sen sözlemiň başy gel, soňy gaýt,
Ýetip bilmejek ýaly ylgaýyn,
Seň yzyňdan!
Çekinip ýeke, çekilip çete,
Ereýän çekeňde çepe, tutup elimden,
Demim ýetenok, ýene-de ýürekde ýer eden!
Sen ruhumyň öň ellenmedik ýerinde ýene deg.
Aladaň bilmeseň ýaňadan,
Meni ýüregiňe alda daň, entek ýaňydyň,
Ýaratdy mendäki ýaradan seni Ýaradan!
Seni tapmasam şu günümi yza saradaryn!
Azalýaň gün-günden,
Barlygyňy täzeden subut et indem!
Ýa ýokmy sen? Ýadyňda ýokmy men?
Men özümi unudyp bilerin,
Ýönee...
Seni unudyp bilmen,
Ýüregim urup bilmen
Ýene-de tutup bilmesem elleriňi!
Seni unudyp bilmen,
Ýüregim urup bilmen
Ýene-de tutup bilmesem elleriňi!
Höwesim ýok sensiz hiç zada,
Söýenim meň bu dünýäde,
Diňe sen hakda bar pikirlerim!
Düşünip bilemok ýöne bir zada,
Hany aýtsana gel maňa,
Saňa ýatmy geçenler?
Seni unudyp bilmen,
Ýüregim urup bilmen
Ýene-de tutup bilmesem elleriňi!
Seni unudyp bilmen,
Ýüregim urup bilmen
Ýene-de tutup bilmesem elleriňi!

